SOŇKY HABARLAR
Президент Азербайджанской Республики Ильхам Алиев прибыл в Туркменистан
8 октября 2026 года Президент Азербайджанской Республики Ильхам Алиев прибыл в Туркменистан для участия в заседаниях высокого уровня, в частности в Консультативной встрече глав государств Центральной Азии и Азербайджанской Республики, первом Каспийском экологическом саммите и заседании Совета глав государств Содружества Независимых Государств. У Президента Азербайджанской Республики также намечены двусторонние встречи на высоком уровне.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän şahsy ünsi we hemmetarap...
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Duşuşyk sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmak üçin möhüm meýdança boldy. Gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçiliklerine, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine aýratyn üns berdiler. Mas...
Türkmenbaşyda Merkezi Aziýanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň 95-nji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň (DUSHK) 95-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistan tarapyndan guralyp, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.M.Gendjiýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Mejlise DUSHK-nyň agzalary – Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeleri...
Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlyklyk etmeginde geçirilip, oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň degişli ministrleri we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäre suw hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri we sebitara gatnaşyklaryň mundan beýlä...
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen ýokary derejeli duşuşyklara we çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Gazagystanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, Hazar ekologiýa sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.