Tapylan netije sany: 5106
Türkmenistana Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda synçy derejesi berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Kazan şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde Kazan şäheriniň “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy.
Forumda ilkinji bolup türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa we rus tarapyna «KazanForum — 2026» halkara...
Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna sapar bilen ugrady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Karl III maşgalasynyň çakylygy boýunça sapar bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady.
Ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Beýik Britaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň ýanwar aýynda ýola goýlandygyny bellemek gerek. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen 50-nji mejl...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň çäginde ir bilen Birleşen Patyşalygyň Windzor galasyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Windzor Patyşalyk atçylyk çykyşlarynyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Edward Benýon we Windzoryň guramaçylyk işleri boýunça wekili Sara Ruterford-Jons mähirli garşyladylar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäginde Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy....
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşýar
2026-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-Habitat tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen bilelikde guralan Bütindünýä şäherler forumynyň On üçnji mejlisine (WUF13) gatnaşýar.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda forumyň gatnaşyjylaryny «akylly», «ýaşyl» we howpsuz şäher konsepsiýalaryny özünde jemleýän Arkadag şähe...
Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory Maýka Oşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri, aýratyn-da ýurduň BSG-a goşulmagy bilen bagly geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar sebitleýin we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, milli kada...
KHBS üçin maglumat
Halkara derejesinde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan öz daşary syýasatyny halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, onuň esasy ýörelgeleriniň biri döwletleriň çäk bitewüligine hormat goýmakdan ybaratdygyny nazara alyp, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümetdigini, Taýwanyň bolsa Hytaýyň...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistanda işleýän BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, hususan-da BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň mü...
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan...
Aşgabatda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda DIM-ara geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow hem-de Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupin ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp mas...
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul edildi
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup 47 döwlet çykyş etdi.
Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we...